Syke Dali - Nirede
Bir gün soradym Dünýäden SÖÝGI dirimi
Dünem diridim inni men başga birimi
Biri gazanmaly çörek büküp bilini
Beýlekisi mes biri çeýnäp berýä iýmini
Garyplar elin serýä seredip bize tarap
Gözleri sowup geçýäs pukara ýüze garap
Barybir äkidip bilmeris bir manat
Baýlygyñ birköpük tabşyrylansoñ amanat
NAMYS dirimi ba bolsa nirede
Gyzlar özini ýitirýä gürriñ PULA direse
Galsañ aç goñşyñ ses çykarman syn eder
Seretýän ýok göz ýaşyñ öwrülse silede
Çägä öwrüldi ol daş ýaly diregem
Gözi doýmaýan dünýä haýyşt etýän iý menem
Eýmenç sen menem senden eýmenen
Duýgular bir eýýäm göçdi ýürekden
Hany söýgimiz nirde jogap
Hany pes göwün ýadadym sorap
Hany däp-dessur nirde utanç-haýa
Hany TÜRKMENIM menä tapamak
Hany imanymyz nirde sogap
Hany pes göwün ýadadym sorap
Hany däp-dessur nirde utanç-haýa
Hany TÜRKMENIM menä tapamak
Sadalyk nirde herkim ÇYRAÇY bu gün
Herkim tanyşly herkim möhüm
Nirde adamkärçilik nirde göwün
Adyny aýdanna herkimiñ damagy düwün
Herkim AŞGABAT-dan ýok WELAÝAT-ly
Sylanoklar inni diliñ bolsada aýatly
Gyzlar garaşýa gelenok ŞAZADA ak atly
Garaşmak elbetde ýadatdy
Nirde halasgär dirimi umyt
Mömin ýüz öwürýä elin uzatýa Jöhit
Huşuma gygyrýan meni düýşime äkit
Hakykatdanam HAKY ýatdan çykardyk hakyt
Eýesinden gymmat bolly haryt
Baýlygyñdan utan ýanyñda baka Garyp
Gulak berme maña men nebsime ýüzlenýän
Dünýä bamy sende başga maña meñzeýän
Hany söýgimiz nirde jogap
Hany pes göwün ýadadym sorap
Hany däp-dessur nirde utanç-haýa
Hany TÜRKMENIM menä tapamak
Hany imanymyz nirde sogap
Hany pes göwün ýadadym sorap
Hany däp-dessur nirde utanç-haýa
Hany TÜRKMENIM menä tapamak
diñlemeseñem bolar
bu ýönekeý öz-özim bilen gürrüñdeşlik...
Öz NEBSIME ýüzlenýän